Halkara zenanlar dialogynyň 3-nji mowzuklaýyn mejlisi Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky hemişelik wekili Sýaozýun Greýs Wanyň alyp barmagynda geçirildi.
Mowzuklaýyn mejlisde global howplaryň öňüni almakda, gapma-garşylyklary parahatçylykly we diplomatik ýollar arkaly çözmekde halkara hukugyň kadalaryny ulanmak hem-de bu ugurdaky sebitara we global proseslerde zenanlar diplomatiýasynyň ornuny has-da güýçlendirmek baradaky meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy.
Mowzuklaýyn mejlisiň dowamynda Sýaozýun Greýs Wanyň, BMG-niň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň edarasynyň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýin wekiliniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Ennio Boatiniň, Azerbaýjan Respublikasynyň maşgala, zenanlar we çagalaryň meseleleri baradaky Döwlet komitetiniň Diwanynyň başlygy Jeýran Rahmatullaýewanyň, Halkara Gyzyl Haç komitetiniň Merkezi Aziýa boýunça Sebitleýn wekilhanasynyň başlygy Bilýana Miloşewiçiň, Türkmenistanyň Mejlisiniň halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň agzasy Enejan Ataýewanyň, Türkiýe Respublikasynyň Beýik Millet Mejlisiniň agzasy Kylyç Filiziň, Gyrgyz Respublikasynyň Zenanlaryň kongresiniň zenan telekeçiligi komitetiniň başlygy Aliýa Turusbekowanyň, Belarus Respublikasynyň "Zenanlaryň Belarus bileleşigi" jemgyýetçilik birleşiginiň telekeçilik işi boýunça subýektleriniň birleşen guramasynyň başlygy Lugina Tatýana Alekseýewnanyň ynsanperwer hukuk ölçeglerine we halkara hyzmatdaşlyga bagyşlanan çykyşlary diňlenildi. Çykyşlarda parahatçylygy üpjün etmekde zenanlaryň hukuk we ykdysady mümkinçiliklerini giňeltmek, sebitara telekeçilik başlangyçlaryny goldamak we maşgala gymmatlyklaryny goramak baradaky döwrebap tejribeler barada bellenildi.
Gatnaşyjylar Bitarap Türkmenistanyň halkara giňişlikde parahatçylygy, ynanyşmagy we durnukly ösüşi berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary hem-de parlamentara diplomatiýasynda zenanlaryň işjeň gatnaşygyny goldamak boýunça durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň anyk netijelerine ýokary baha berdiler.
Mowzuklaýyn çykyşlar tamamlanandan soňra, parahatçylyk we durnukly ösüş proseslerinde halkara hyzmatdaşlygy täze belentliklere çykarjak teklipler we çäreler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de mejlisiň jemleri jemlenildi.
Maslahatyň netijeleri boýunça sebitara we halkara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge we anyk maksatlara ýetmäge gönükdirilen Jemleýji resminama biragyzdan kabul edildi.
Halkara çärä gatnaşyjylar sebitara hyzmatdaşlygy hem-de ynsanperwer dialogy täze belentliklere çykarmakda örän ähmiýetli şeýle abraýly forumyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilendigi üçin Türkmenistanyň hormatly Prezidentine hem-de türkmen halkynyň Milli Liderine çuňňur hoşallyk bildirip, köp sagbolsunlar aýtdylar.