The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN

MEJLIS OF TURKMENISTAN

31.03.2026

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Abu Hijleh Rananyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Выступление Чрезвычайного и Полномочного Посла Палестины в Туркменистане Абу Хиджлех Раны на конференции «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов»: роль женщин в современном обществе»:

Palestina Döwletiniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Abu Hijleh Rananyň «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýyly: häzirki zaman jemgyýetinde zenanlaryň orny» atly maslahatda eden çykyşy:

Ilçi «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» diýen ylham beriji şygaryň belent maksatlary, güýji we öňegidişligi, milli ruhy-medeni gymmatlyklary alamatlandyrýandygyny, bu milli aýratynlyklaryň ýurtda aýal-gyzlaryň barha ösýän orny bilen hem aýrylmaz baglanyşyklydygyny belledi. Ol rowaýaty ahalteke bedewleriniň durnuklylygy we asyllylygy aňladyşy ýaly, türkmen aýal-gyzlary gözelliligi, näzikligi, edep-ekramlylygy alamatlandyrýarlar hem-de bilim, saglygy goraýyş, sport we beýleki ugurlarda jemgyýetde abraýly orunlary eýeleýärler. Soňky ýyllarda biz Türkmenistanyň Hökümetiniň aýal-gyzlaryň ygtyýarlyklaryny giňeltmäge, Birleşen Milletler Guramasy ýaly halkara guramalar bilen hyzmatdaşlykda olaryň syýasy we jemgyýetçilik durmuşyna işjeň gatnaşmagyny goldamaga berk ygrarlylygyna şaýat bolýarys.

Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň dürli pudaklarda aýal-gyzlaryň wekilçiligini artdyrmak boýunça başlangyçlarynyň ýurtda zenanlaryň ornunyň barha ýokarlanýandygynyň subutnamasy bolup durýandygyny nygtady.

Palestina jemgyýetiniň merkezinde hem aýal-gyzlaryň maşgala durmuşynda, syýasy işjeňligi kemala getirmekde esasy sütün bolup durýandyklaryny aýdyp, Palestinanyň we Türkmenistanyň döwlet Baştutanlarynyň gepleşikler arkaly parahatçylygy we howpsuzlygy öňe sürmegini dowam etdirýändiklerini, bu ugurda aýal-gyzlaryň hukuklaryny we mümkinçiliklerini giňeltmek meselesiniň esasy orunda durýandygyny belledi.

Посол отметила, что вдохновляющий лозунг «Независимый нейтральный Туркменистан – Родина целеустремлённых крылатых скакунов» символизирует высокие цели, силу и прогресс, национальные духовные и культурные ценности, и что эти национальные особенности неразрывно связаны с растущей ролью женщин в стране. Она отметила, что подобно тому, как легенда об ахалтекинских лошадях символизирует стабильность и благородство, туркменские женщины также занимают почётное место в обществе в таких областях, как образование, здравоохранение и государственная служба. В последние годы мы наблюдаем твёрдую приверженность правительства Туркменистана расширению прав и возможностей женщин и поддержке их активного участия в политической и общественной жизни в сотрудничестве с международными организациями, такими как Организация Объединённых Наций.

Отметила, что инициативы Уважаемого Президента Туркменистана в различных отраслях по повышению представительства женщин и девушек является свидетельством того, что роль женщин повышается.

Подчеркнув, что женщины находятся в центре палестинского общества и являются главной опорой в развитии семейной жизни, труда и политической деятельности, она отметила, что главы государств Палестины и Туркменистана продолжают продвигать мир и безопасность посредством переговоров, и в этой связи вопрос расширения прав и возможностей женщин имеет центральное место.