The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

09.09.2025

TÜRKMEN-HYTAÝ GATNAŞYKLARY dürli formatlarda işjeň ösdürilýär

 

     Ar­ka­dag­ly Gah­ry­man Ser­da­ry­my­zyň baştutan­lygyn­da Türkmenis­tanyň äh­li ýurt­lar bi­len dost-do­gan­lyk gat­na­şyk­la­ry­ny ös­dür­mek, dün­ýä­de pa­ra­hat­çy­ly­gy we yna­nyş­ma­gy pugtalandyrmak, dur­nuk­ly ösü­şi üp­jün et­mek, hä­zir­ki döw­rüň der­wa­ýys mese­le­le­ri­niň oňyn çöz­güt­le­ri­ni iş­läp taý­ýar­la­mak babat­da ed­ýän ta­gal­la­lary Hal­ka­ra pa­ra­hat­çy­lyk we yna­nyşmak ýy­lyn­da uly ro­waç­lyk­la­ra bes­lenýär. Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz Ser­dar Berdimuhamedowyň go­laý­da Hy­taý Halk Respublikasyna ama­la aşy­ran iş sa­pa­ry hem mu­nuň aý­dyň mysaly boldy. Sa­pa­ryň çäk­le­rin­de döw­let Baş­tuta­ny­myz Şan­haý Hyz­mat­daş­lyk Gura­ma­sy­nyň (ŞHG) sam­mi­ti­ne hem-de Ikin­ji  jahan ur­şun­da ga­za­ny­lan ýeň­şiň 80 ýyl­ly­gy­na ba­gyş­la­nan dabara­la­ra gat­naş­dy, mö­hüm iki­ta­rap­la­ýyn du­şuşyk­la­ry ge­çir­di. 

 

     Häzirki wagtda türkmen-hytaý gatnaşyklary özara hormat goýmaga, umumy bähbitlere esaslanýan köpugurly hyzmatdaşlygyň üstünlikli nusgalarynyň biri bolup durýar. Bu hyzmatdaşlyk syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, energetika, medeni-ynsanperwer ulgamlarda yzygiderli ösdürilýär. Hytaý Halk Respublikasy Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soň, ilkinjileriň hatarynda ýurdumyz bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýup, ikitaraplaýyn syýasy we ykdysady gatnaşyklary ilerledip, döwletimiziň esasy strategik hyzmatdaşlarynyň birine öwrüldi. Dürli ulgamlarda özara hereketleriň netijeli gurallary ýola goýuldy, ygtybarly hukuk binýady döredildi. Hökümet, parlament derejesinde, şeýle-de jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet we ylym işgärleriniň arasynda gatnaşyklar giňeldilýär. Özara Medeniýet günleriniň geçirilmegi, akademiki alyşmalardyr ylmy hyzmatdaşlyk iki dostlukly halkyň arasynda özara düşünişmegi pugtalandyrýar. Türkmenistan bilen Hytaý köptaraplaýyn esasda — iri halkara guramalaryň, abraýly sebit düzümleriniň ugry boýunça, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäginde hem üstünlikli hyzmatdaşlyk edýärler. 

     Türkmen we hytaý halklaryny köpasyrlyk dostluk gatnaşyklary, taryhy, ruhy-medeni gymmatlyklar birleşdirýär. Geçmişde türkmen-hytaý gatnaşyklary Beýik Ýüpek ýolunyň üsti bilen amala aşyrylypdyr. Häzirki wagtda bu ýol söwda-ykdysady, ulag-logistika, energetika, ýokary tehnologiýalar, medeni-ynsanperwer, sport, saglygy goraýyş, syýahatçylyk ulgamlary boýunça gaýtadan dikeldilýär. 2009-njy ýylda işe girizilen Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi bolsa iki halkyň dostlugynyň ajaýyp nyşany, ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň depginli ösüşiniň we kuwwatlylygynyň alamaty boldy. «Hakykatda, bu gaz geçiriji diňe türkmen tebigy gazynyň uly möçberini Hytaýa eltmegiň serişdesi bolman, eýsem, yklymda energiýa howpsuzlygy ulgamynyň adalatly, özara bähbitli we durnukly düzümini döretmegiň hem aýdyň mysalydyr. Biz bu ugurda bitirilen işlere guwanyp bileris. Onuň netijeleri Türkmenistanyň we Hytaýyň, şeýle-de üstaşyr geçirýän ýurtlaryň ykdysadyýetiniň, Ýewraziýanyň energetika giňişliginde  ähli özara gatnaşyklar ulgamynyň ösüşine kuwwatly itergi berdi» diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz ŞHG-niň sammitiniň öňüsyrasynda meşhur «Ženmin Žibao» gazetinde çap edilen makalasynda belledi. 

     Türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň barha okgunly ösdürilmegi iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygy yzygiderli pugtalandyrmaga çalyşýandygy bilen şertlendirilendir. Hormatly Prezidentimiziň 2023-nji ýylyň ýanwarynda Hytaý Halk Respublikasyna amala aşyran ilkinji döwlet sapary we onuň çäklerinde özara gol çekilen resminamalar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlardaky hyzmatdaşlygyň hil taýdan täze derejä çykmagyna itergi berdi. Gahryman Arkadagymyzyň şol ýylyň oktýabrynda «Bir guşak, bir ýol» atly üçünji halkara maslahata gatnaşmagy-da özara gatnaşyklaryň dürli formatlarda ilerledilýändigine şaýatlyk edýär. Şunda Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeltmek» strategiýasy bilen dünýägaraýyş we amaly nukdaýnazardan sazlaşýandygyny nygtamak gerek. Bu başlangyçlaryň ikisi-de häzirki zaman şertlerinde Ýuwaş ummandan Atlantik ummana çenli ägirt uly giňişlikleriň arasynda amatly ulag geçelgeleriniň döredilmegine, özara baglanyşykly önümçilik we tehnologik ulgamlaryň hem-de senagat guşaklyklarynyň kemala getirilmegine, durmuş ugurly köp sanly meseleleriň çözülmegine, halklaryň durmuş we abadançylyk derejesiniň ýokarlanmagyna gönükdirilendir.

     Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty durmuşa geçirip, ählumumy howpsuzlygyň, durnukly ösüşiň üpjün edilmegi boýunça tagallalara işjeň gatnaşýar. Muňa hormatly Prezidentimiziň Hytaýa nobatdaky iş saparynyň dowamynda «ŞHG+» formatyndaky ýokary derejeli duşuşyga hormatly myhman hökmünde gatnaşmagy hem doly şaýatlyk edýär. Türkmenistanyň Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy sebit howpsuzlygyny pugtalandyrmak, ykdysady, medeni gatnaşyklary ösdürmek bilen baglylykda uly ähmiýete eýedir. Döwlet Baştutanymyz bu barada: «Tagallalaryň we mümkinçilikleriň birleşdirilmegi, syýasy-diplomatik, ykdysady serişdeleriň herekete getirilmegi diňe bir hyzmatdaşlygymyzyň ösüşinde hil taýdan täze tapgyry alamatlandyrman, munuň özi iri we okgunly ösýän ykdysady zolaklary — Aziýa — Ýuwaş umman sebitini, Merkezi we Günorta Aziýany, Russiýany, Orta we Ýakyn Gündogary öz içine alýan, Ýuwaş ummandan Baltika deňzine çenli uzaýan bitewi geoykdysady giňişligi kemala getirmek üçin şertleri döretmäge ukyply bolar» diýip, sammitde eden çykyşynda nygtady. Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy bilen geçirilen ýokary derejeli duşuşykda bolsa strategik ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn üns berlip, ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň meseleleriniň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy.

     Ýeri gelende bellesek, Türkmenistanyň Mejlisi bilen Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň arasyndaky gatnaşyklar hem yzygiderli ösdürilýär. Döwlet Baştutanymyz jenap Si Szinpin bilen geçiren duşuşygynda-da häzirki wagtda parlament, jemgyýetçilik, zenanlar we ýaşlar diplomatiýasynyň ornunyň barha ýokarlanýandygyny aýdyp, Türkmenistanyň bu ugurlar boýunça bilelikdäki çäreleri ara alyp maslahatlaşmaga, halkara parlament diplomatiýasy ulgamynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady. Mejlisde Hytaýyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagy bilen dostluk toparynyň döredilmegi netijeli ösdürilýän türkmen-hytaý hyzmatdaşlygyny kanunçylyk taýdan goldamaga ýardam edýär. Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň şu ýylyň maýynda Hytaýa amala aşyran saparynyň dowamynda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklar hem kanun çykaryjylyk we parlament işinde tejribe alyşmaga, özara gatnaşyklary berkitmek babatda öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik berdi. Geljekde ikitaraplaýyn esasda döredilen parlamentara dostluk toparlarynyň işini kämilleşdirmek, ugurdaş komitetleriň, ýaş we zenan parlamentarileriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, parlamentler derejesinde duşuşyklardyr maslahatlary guramak göz öňünde tutulýar. 

     Hormatly Prezidentimiziň Hytaýa amala aşyran iş sapary türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmekde nobatdaky möhüm ädim bolup, onuň strategik häsiýetini tassyklady. Gepleşikleriň netijeleri we gol çekilen resminamalar özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin täze gözýetimleri açyp, iki ýurduň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli taslamalary durmuşa geçirmäge uly itergi berer. 

 

Maksat KULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Halkara we parlamentara aragatnaşyklar baradaky komitetiniň başlygy.