The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

04.09.2025

Ruhubelentlik we ýokary derejedäki taýýarlyk bilen

 

— Ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň geçirilmegi halkymyzyň taryhy tejribesinden gaýdýan maslahatly, jebislikli ýol-ýörelgeleriň döwrebap derejede dowam etdirilýändiginiň subutnamasydyr. 

     Taryhy mejlisiň öňüsyrasynda ýurdumyzyň sebitlerinde geçirilýän wagyz-nesihat çäreleri hem halkymyzyň syýasy sowatlylygynyň ýokarlanmagyna, döwletimiziň içeri we daşary syýasatynyň ähmiýetiniň giňden wagyz edilmegine gönükdirilýär. Biz welaýatymyzyň dürli künjeklerinde ildeşlerimiz bilen duşuşyp, olaryň tekliplerini diňleýäris. Bu teklipler ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik ösüşini täze belentliklere götermäge gönükdirilen möhüm başlangyçlardyr. Şeýlelikde, halk bilen döwletiň arasynda jebisligiň has-da berkidilmegine mümkinçilik döredilýär.

     Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň her bir mejlisi ýurdumyzy ösdürmäge gönükdirilen täze çözgütleriň kabul edilýän, halkymyzyň bagtyýar geljegini pugtalandyrýan meýdançasydyr. Şoňa görä-de, onuň mejlislerinde halkymyzyň öňe sürýän teklipleriniň diňlenilmegi, ara alnyp maslahatlaşylmagy hem-de jemgyýetimiziň dürli gatlaklarynyň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň demokratik ösüşiniň beýanydyr.

 

Ogulnur HAÝYDOWA, « Lebap galla önümleri » önümçilik birleşiginiň Saýat etrabynyň «Watan» daýhan birleşigindäki agronomy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty: