The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

30.08.2025

HALKLARYŇ BÄHBIDINI NAZARLAÝAN TAGALLALAR

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri ata Watanymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan möhüm we şanly wakalara beslenýär. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny hem şeýle uly wakalaryň biri hökmünde buýsanç bilen görkezip bileris. 

     On ýyldan bir gezek guralýan halkara forumyň çäklerinde geçirilen dürli çäreler we olaryň dowamynda kabul edilen çözgütler umumadamzat ähmiýeti bilen dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekdi. 6-njy awgustyň «Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara güni» diýlip yglan edilmegi-de munuň aýdyň güwäsidir.

     «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda bu möhüm waka mynasybetli geçirilen ýörite brifingde nygtalyşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň iýul aýynda kabul edilen ýörite Kararnama laýyklykda, bu şanly sene şu ýyldan başlap her ýyl giňden bellenilip geçiler. Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň dowamynda bu senäniň ilkinji gezek bellenilmegi Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň raýatlary hökmünde biziň her birimiz üçin örän buýsandyryjydyr.

    Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň aýratyn zerurlyklary hem-de ösüş ulgamynda olaryň öňünde durýan aýratyn meseleler barada maglumatlary ýaýratmagyň halkara gününiň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda geçirilmegi, elbetde, taryhy wakadyr. Döwletleriň ýüzbe-ýüz bolýan aýratyn zerurlyklaryna hem-de meselelerine dünýä bileleşiginiň ünsüni çekmäge ýardam berjek bu şanly waka Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem möhüm ähmiýetlidir. Halkara senäniň ilkinji gezek biziň ýurdumyzda baýram edilmeginiň özi hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýä bileleşiginde eýeleýän ornunyň, gazanan abraýynyň barha berkeýändiginiň güwäsidir. Raýdaşlyga we jebislige esaslanýan täze gatnaşyklara badalga berjek bu sene Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilmeginde hem aýratyn ähmiýete eýe bolar.

 

Perman SAPAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky komitetiniň baş hünärmeni.