The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
«Halkda Hakyň ady bar», «Maslahatly biçilen don gysga bolmaz», «Geňeşli salamat bolar» diýen pähimleri döreden parasatly pederlerimiz her bir işde il-halka geňeşipdir. Pähim-parasatly ata-babalarymyzdan miras galan bu asylly ýörelgeler häzirki wagtda demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň milli kanunçylygynda berkidilendir. Türkmenistanyň Halk Maslahaty halk häkimiýetiniň ýokary wekilçilikli edarasydyr.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty milli ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň we jemgyýetçiligiň ösüşini sazlaşdyrmak bilen, ählihalk derejesinde bilelikdäki hereketlendiriji güýç hökmünde çykyş edýär. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzy, halkymyzy beýgeltmek ugrunda edýän aladalarynyň netijesinde bu gün Halk Maslahaty jemgyýeti dolandyrmagyň iň kämil institutlarynyň birine öwrüldi. Umumymilli forumyň geçirilmegi nesilleriň arasyndaky baglanyşygy has aýdyň ýüze çykarýar. Bu baglanyşyk türkmen halkynyň milli garaýyşlary esasynda döwrebap şertlerde, täzeçe çemeleşmeler arkaly has-da berkeýär.
Ählihalk forumynyň mejlisiniň geçirilmeginiň baş maksady diňe bir ýylyň dowamyndaky işleriň jemlerini seljermek bilen çäklenmeýär. Onda röwşen geljege sary ynamly gadam urmak üçin döwrüň möhüm meseleleri, zerurlyklary, özgerýän dünýäniň şertleri nazara alnyp, giň jemgyýetçilik wekilleriniň gatnaşmagynda döwletli çözgütler kabul edilýär.
Mälim bolşy ýaly, şu ýylyň 20-nji awgustynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde umumymilli forumy hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ýokary derejede guramak boýunça meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşyldy. Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň Kararyna laýyklykda, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 19-njy sentýabrda çagyrmak we ony Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirmek bellenildi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Prezidiumynyň mejlisinde eden çuňňur manyly çykyşynda Gahryman Arkadagymyz degişli ýolbaşçylara Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görmek bilen bagly işleriň çäginde döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalara laýyklykda, geljek ýylda ýurdumyzyň makroykdysady ýagdaýyny we maliýe, pul-karz ulgamyny durnukly saklamak, ykdysadyýetiň pudaklaryny depginli ösdürmek arkaly ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak babatda durmuşa geçirilmeli çäreleri seljermegi tabşyrdy. Milli Liderimiz maksatlaýyn, pudaklaýyn we sebitleýin maksatnamalardan ugur alyp, şeýle hem döwletimiziň milli ykdysadyýetiniň pudaklarynyň ykdysady, maliýe görkezijilerini içgin seljermek bilen, ykdysadyýetiň pudaklary, maglumat-kommunikasiýa, bilim, saglygy goraýyş, sport ulgamlary, senagat, oba hojalyk we beýleki pudaklar boýunça teklipleri taýýarlamalydygyny nygtady. Munuň özi ykdysadyýetiň ösüşiniň durmuş ugurly syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagynyň hem aýrylmaz şerti bolup durýandygyny aýdyň görkezýär.
Milli döwletlilik ýörelgelerimiziň nyşany bolan maslahatyň mejlisine ýokary derejede görülýän taýýarlyga mynasyp goşant goşmak her birimiziň borjumyzdyr. Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinde garaljak meseleler, kabul ediljek çözgütler halkymyzy bir maksada gönükdirer. Bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy waka Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylyp, «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ajaýyp ýörelgelerimize laýyklykda, halka daýanyp, halkyň bähbidine netijeli durmuş-ykdysady syýasatyň üstünlikli amala aşyrylmagyna täzeçe itergi berer.
Begenç GURBANGELDIÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty, Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy.