The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

30.08.2025

MILLI DEMOKRATIÝA DABARALANÝAR

 

     «Döw­let adam üçin­dir!» di­ýen asyl­ly şy­gar baş ýö­rel­ge edini­lip, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da dur­mu­şa geçi­ril­ýän içe­ri we da­şa­ry sy­ýasa­ty­myz hal­kyň bäh­bi­di­ne gönükdi­ri­len­dir. Şunuň bilen baglylykda, her ýyl däp bol­şy ýa­ly, baş baý­ra­my­myz bo­lan mu­kad­des Ga­raş­syz­ly­gy­my­zyň şanly toýunyň öňü­sy­ra­syn­da ge­çi­ril­ýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Maslaha­ty­nyň mej­li­si aý­ra­tyn äh­mi­ýet­li se­ne­dir. Se­bä­bi jemgyýe­ti­mi­ziň ösüş­li gel­je­gi­ne gö­nük­di­rilýän Türk­me­nis­ta­nyň Halk Mas­la­ha­ty­nyň mej­li­si ýur­du­my­zyň içe­ri we da­şa­ry syýasaty­na özü­niň oňyn tä­si­ri­ni ýe­tir­mek bi­len bir ha­tar­da, dünýä ýü­zün­dä­ki ab­ra­ýy­my­zyň hem has-da ýo­kar­lan­ma­gy­na şert­le­ri dö­red­ýär. 

 

     Häzirki wagtda ýurdumyzyň depginli ösüşini üpjün etmek üçin «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasy», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» üstünlikli durmuşa geçirilýär. Saglyk, bilim, sport, medeniýet ulgamlaryny ösdürmek, täze iş orunlaryny döretmek, ilatyň gazanç etmegi üçin beýleki şertleri üpjün etmek, köp çagaly maşgalalara we döwlet kömegine mätäçlere hemaýat bermek ýaly zerur işler bökdençsiz alnyp barylýar. Täze gurulýan obalar we şäherler gülläp ösüşiň ajaýyp güwäsi bolup durýar. 

     2023-nji ýylyň 29-njy iýunynda Arkadag şäheriniň birinji tapgyry açylmak bilen, ol geljegiň şäheri bolup, ýurdumyzda adam hakdaky aladanyň esasy orunda durýandygyny, ýaşaýyş üçin iň amatly gurşawyň döredilýändigini dolulygyna subut etdi. Munuň özi halkymyzyň agzybirligini, bitewüligini, jebisligini, asudalygyny, abadançylygyny berkitmegi hem-de Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň ösmegini, onuň has-da kuwwatlanmagyny özüniň baş maksatlarynyň we wezipeleriniň biri hökmünde görýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwlet syýasatynda tutýan ornunyň näderejede belentdigini ýene bir ýola äşgär etdi. 

     Häzirki wagtda dünýä ýüzünde uly abraý-mertebä eýe bolup, hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen döwletimizde ähli işler halkyň bähbidine gönükdirilýär. Halkyň, jemgyýetiň we ýurdumyzyň ösüşleri üçin uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belent tutumlary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä siwilizasiýasynda hem möhüm orun eýeleýär. Ol «Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen parasatly şygarlary baýdak edinen merdana halkymyzyň we eziz Watanymyzyň bagtyýar şu gününe hyzmat edýär we ýagty ertirleri nazarlaýandygy bilen, ruhumyza ruh, güýjümize güýç goşýar. 

     Halkymyzyň parahat, asuda, abadan durmuşda bolelin ýaşamagy üçin alada edýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin! 

 

Sahyberdi JEPBAROW, Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň agzasy.