The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

07.07.2025

Täze halkara ýokary okuw mekdebi ýurdumyzyň hususy pudagy üçin hünärmenleri taýýarlar

 

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli hususyýetçilik pudagy hil taýdan täze taryhy tapgyra gadam basdy. Telekeçiligi yzygiderli ösdürmek bäsdeşlige ukyply milli ykdysadyýeti kemala getirmegiň möhüm şertleriniň biridir. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça başy başlanan strategiýany yzygiderli durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hemişe Watanymyzyň eksport kuwwatyny artdyrmakda, täze senagat önümçiliklerini döretmekde, azyk bolçulygyny pugtalandyrmakda wajyp orny eýeleýän hususy pudagy ilerletmegiň zerurdygyny nygtaýar.

    «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda», «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynda», maýa goýum Maksatnamasynda döwlet hususy hyzmatdaşlygynyň işjeňleşdirilmegine, täze innowasion kärhanalaryň açylmagyna, ykdysadyýeti dolandyrmagyň has netijeli usullarynyň ornaşdyrylmagyna möhüm ähmiýet berilýändigini bellemek gerek. Kiçi we orta telekeçiligiň işewürlik başlangyçlaryna döwlet tarapyndan berilýän ägirt uly goldawlar maýa goýum işjeňliginiň ýokarlanmagyna, döwlet eýeçiligine degişli desgalaryň hususylaşdyrylmagyna, bazar ykdysadyýeti şertlerinde ylmy taýdan esaslandyrylan ykdysady syýasatyň durmuşa geçirilmegine, netijede, içerki bazaryň ýurdumyzda öndürilýän önümler bilen bolelin üpjün edilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşany bilen öndürilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler daşarky bazarlarda hem üstünlikli ýerlenilýär. Ýurdumyzyň işewür toparlarynyň wekilleri — Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary halkara sergilere, maslahatlara, işewürlik forumlaryna işjeň gatnaşyp, Watanymyza mynasyp wekilçilik edýärler. 

     Döwrüň­ ta­lap­la­ry­na­ la­ýyk­lyk­da,­ ylym-bilim ­bin­ýa­dy­ny­ kämilleş­dir­mä­ge ­aý­ra­tyn ­üns be­ril­ýär.­ Şu­nuň­ bi­len baglylykda, 27-nji­ iýunda­ san­ly­ ul­gam­ arka­ly­ ge­çi­ri­len­ Mi­nistr­ler Kabinetiniň­ no­bat­da­ky­ mej­li­sin­de­ hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz­ Serdar­ Berdimuhamedow­ ýoka­ry­ bi­lim­li­ iş­gär­le­ri­ taýýarlamakda,­ gaý­tadan­ taý­ýar­la­mak­da ­we ­ola­ryň­ hü­när­ derejesi­ni­ ýo­kar­lan­dyr­mak­da ­te­le­ke­çi­lik,­ işe­wür­lik pu­da­gy­na­ gol­daw­ ber­mek­ mak­sa­dy­ bi­len,­ Türk­me­nis­ta­nyň­ Se­na­gat­çy­lar­ we­ te­le­ke­çiler­ bir­leş­me­si­niň­ mü­di­ri­ýe­ti­niň­ ka­ra­ry­ny ma­kul­la­dy hem-de­ Hal­ka­ra­ se­na­gat­çy­lar­ we te­le­ke­çi­ler­ uni­wer­si­te­ti­ni­ döretmek­ ha­kynda­ Per­ma­na,­ tä­ze­ dö­re­dil­ýän­ uni­wer­si­te­tiň ýolbaş­çy­la­ry­ny­ bel­le­mek­ bi­len­ bag­ly­ de­giş­li res­mi­na­ma­la­ra­ gol çek­di. 

     Açylmagyna taýýarlyk görülýän Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetine 2025-2026-njy okuw ýylyndan bakalawr maksatnamasy boýunça talyplar okuwa kabul ediler. Şunuň bilen baglylykda, Bilim ministrligine Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň Tertipnamasynyň we gurluşynyň kanunçylykda bellenen tertipde taýýarlanylmagyna hem-de tassyklanylmagyna; täze ýokary okuw mekdebiniň bilim bermek we işgärleri hünäre taýýarlamak işini ygtyýarlylandyrmak, bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy amallaryny geçmegine; taýýarlygyň ugurlary (hünärler) boýunça okuw meýilnamalarynyň halkara ölçeglere laýyklykda taýýarlanylmagyna ýardam bermek tabşyryldy. Şeýlelikde, Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersiteti ýakyn ýyllarda ýurdumyzyň işewürlik pudagy üçin ýokary hünär derejeli işgärleri taýýarlaýan esasy bilim ojagyna öwrüler. Bu ýerde sapaklary geçmek üçin bellenilen tertipde daşary ýurtly mugallymlar we hünärmenler çagyrylar. 

     Täze halkara ýokary okuw mekdebinde mynasyp bilim alan zehinli, maksada okgunly telekeçileriň täze nesli milli ykdysadyýetiň çalt depginler bilen ösýän hususy pudagynyň mundan beýläk-de kämilleşmegine, ýurdumyzyň durnukly we gülläp ösmegine, halkymyzyň abadan durmuşynyň bähbidine döwrüň belent maksatlaryna ýetmäge möhüm goşant goşar.

 

 Baýram ÖWLÝÄGULYÝEW, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.