The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

05.07.2025

DÖWLETLI ILDEN ÝOL GEÇER

 

     Pa­ra­sat­ly pe­der­le­ri­miz  ýol çek­me­gi, köp­ri gur­ma­gy döwletlilik ha­sap­lap, ony asyl­ly ýö­rel­gä öw­rüp­dir­ler. Ber­ka­rar döw­le­tiň tä­ze eý­ýa­my­nyň Gal­kyny­şy döw­rün­de hor­mat­ly Preziden­ti­mi­ziň ýur­du­my­zyň ýol-ulag dü­zü­min­de ama­la aşyr­ýan giň ge­rim­li iş­le­ri hem şol so­gap­ly ýö­rel­ge­le­riň my­na­syp dowam et­di­ril­ýän­di­gi­ni gör­kez­ýär. Mu­nuň özi Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň üstünden geçýän se­bit we se­bi­ta­ra gat­naw ýol­la­ry­nyň çatrygynda ýer­leş­ýän ýur­du­my­zyň ägirt uly üs­ta­şyr kuwwatyndan has ne­ti­je­li peý­da­lan­ma­ga ýar­dam ber­ýär.

 

     Ulag ulgamy islendik döwletiň ykdysadyýetiniň möhüm düzüm bölegidir. Onuň ösüş depgini köp babatda tutuş ýurduň ösüşini kesgitleýär. Ähli ugurlar boýunça öz wagtynda, ýokary hilli hyzmat etmek wezipesi öňünde goýlan ýük we ýolagçy daşamak hyzmaty, öz gezeginde, ulag ulgamynyň aýrylmaz düzüm bölegini emele getirýär. Şoňa görä, ulag ulgamyny ösdürmek ýurdumyzyň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolmagynda galýar. “Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Maksatnamasynyň”, “Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etraplardaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini özgertmek boýunça 2028-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasynyň” çäklerinde ulag ulgamyny halkara ölçeglere laýyklykda döwrebaplaşdyrmak boýunça giň gerimli işler alnyp barylýar. Şu babatda ýurdumyzyň günbatar sebiti hem ägirt uly mümkinçiliklere eýedir. 

     2018-nji ýylyň maýynda Gahryman Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň açylyp ulanmaga berilmegi taryhy waka boldy. Meýdany 152 gektara golaý bolan döwrebap portuň taslamasy parom, ýolagçy we ýük terminallaryny öz içine alýar. Onuň bir wagtyň özünde gämileriň 17-sine hyzmat edip bilýän deňiz duralgalarynyň umumy uzynlygy 1 müň 800 metrden gowrakdyr. Deňiz portunyň umumy geçirijilik kuwwaty, nebit önümlerini hasaba almanyňda, 17 million tonna ýüke barabardyr. Portuň giňişliginde gämileriň hereketine, ýük ýüklemek, düşürmek işlerine gözegçilik hemra, awtomatlaşdyrylan ulgamlaryň kömegi bilen amala aşyrylýar. Diýarymyzyň günbatar sebitinde şeýle iri «deňiz derwezesiniň» gurulmagy Ýewropa ýurtlarynyň Ýakyn we Orta Gündogaryň haryt-çig mal bazarlaryna hem-de Hind ummany sebitiniň döwletlerine çykmagy üçin aňrybaş amatly şertleri döredýär, giň gerimli ýük akymlarynyň ýoluny we wagtyny has gysgaltmaga mümkinçilik berýär. 

     Türkmenbaşy — Garabogaz — Gazagystanyň serhedine çenli barýan awtomobil ýolunyň ugrunda Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän täze awtomobil köprüsiniň gurulmagy, öz gezeginde, Demirgazyk — Günorta ulag geçelgesiniň halkara derejedäki ähmiýetini has-da artdyrar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz 2022-nji ýylyň awgustynda bu köpriniň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşypdy. Häzirki wagtda onuň gurluşygy güýçli depginde dowam edýär. Şu ýylyň martynda Balkan welaýatyna amala aşyran iş saparynyň çäklerinde Gahryman Arkadagymyz Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň alnyp barylýan ýerinde bolup, ýurdumyzyň günbatar we demirgazyk sebitleriniň, şeýle-de goňşy döwletleriň arasynda haryt dolanyşygynyň, ulag, ýolagçy gatnawlarynyň möçberini has-da artdyrmaga mümkinçilik berjek bu möhüm desganyň gurluşyk işleri bilen tanyşdy. Şonda türkmen halkynyň Milli Lideri bu awtomobil köprüsiniň Diýarymyzyň dünýäniň ykdysady giňişligine işjeň goşulyşmagynda, daşary ýurtlar bilen hyzmatdaşlygy has-da berkitmekde, Garabogaz kölüniň tebigy baýlyklaryny özleşdirmekde, bu künjegiň tebigy serişdelerini netijeli peýdalanmakda uly ähmiýete eýe boljakdygyny aýratyn nygtady. Galyberse-de, şeýle taslamalaryň amala aşyrylmagy yklymara ýükleri daşamak, ýolagçy gatnatmak işiniň kämilleşdirilmegine, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň mümkinçiliklerini has netijeli özleşdirmäge hem giň ýol açýar.

     Taryhda türkmen topragynyň çäklerinden geçen Beýik Ýüpek ýoly halklaryň arasyndaky dost-doganlyk, şeýle-de söwda gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda wajyp wezipäni ýerine ýetiripdir. Häzirki döwürde Bitarap Watanymyz täze ulag üpjünçilik desgalaryny gurup, Beýik Ýüpek ýoluny gaýtadan dikeldýär. Diýarymyzyň ähli künjeklerinde döwrebap howa menzilleri, demir we awtomobil ýollary giň gerim bilen gurlup, halkyň hyzmatyna berilýär. 2-nji maýda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda dabaraly ýagdaýda açylan Balkanabat Halkara howa menzili hem Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm binagärlik açylyşlarynyň birine öwrüldi. 

     Sagatda 100 ýolagça hyzmat etmek üçin niýetlenen howa menziliniň ýolagçy terminaly 3 gatdan ybarat bolup, tutýan meýdany 5 müň 203 inedördül metre deňdir. Onuň çäginde barlag-geçiriş nokatlary, ýangyn howpsuzlygy we halas ediş gullugynyň binasy, ýöriteleşdirilen ulaglar, aerodrom gulluklarynyň, uçarlaryň ýerüsti hem-de tehniki gullugynyň binasy, üsti ýapyk awtoduralga, ýük terminaly, myhmanhana, birnäçe tehniki binalar we beýlekiler bar. Bu ýerde emeli uçuş-gonuş zolagy, öwrüm ýoly, 6 sany howa gämisi, 4 sany dikuçar üçin niýetlenen uçar duralga meýdançasy, dolandyryş diňi-de gurlupdyr. Dünýä standartlaryna laýyk gelýän döwrebap howa menziliniň Diýarymyzyň günbatar sebitiniň ösmegine, beýleki welaýatlar bilen aragatnaşygy işjeňleşdirmäge mynasyp goşant goşjakdygy şübhesizdir. Bularyň ählisi Balkan welaýatynyň diňe bir senagat mümkinçiliklerine däl, eýsem, üstaşyr ulag gatnawlaryny amala aşyrmak babatda-da uly kuwwata eýedigini aýdyň görkezýär. 

     Häzirki wagtda döwletimiziň ägirt uly üstaşyr geçirijilik mümkinçiliklerini netijeli ulanmak esasynda birleşen multimodal üstaşyr ulag geçelgelerini we ulgamlary döretmek işleri giň gerime eýe bolýar. Bu ugurdaky tagallalaryň baş maksady ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmakdan, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmakdan ybaratdyr. Il bähbidini nazarlaýan şeýle beýik işleriň sakasynda duran Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiziň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumlarynyň hemişe rowaç bolmagyny arzuw edýäris. 

Guwanç ÇENDIROW, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkan welaýat komitetiniň başlygy, 

Mejlisiň deputaty.