The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.05.2025

ÇAGA — ÖMRÜŇ DOWAMY

 

     Taryhyň irki döwürlerinde parasatly pederlerimiz sagdyn bedenli, arassa ahlakly, edep-ekramly, kesp-hünärli nesilleri terbiýelemekde kämil ýörelgeleri, öwüt-ündewleri, maşgala gymmatlyklaryny döredipdirler. Asyrlaryň dowamynda nesilden-nesle geçirilip gelnen bu gymmatly miras Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli terbiýäniň binýady bolup hyzmat edýär.

 

     Halkymyzyň arasynda ata-babalarymyzyň «Çaga-ömrüň dowamy», «Çaga-gol-ganatyň», «Çagany-ýaşdan, edebi-başdan», «Aklyň bahasy bolmaz, terbiýäniň-çägi» ýaly parasatly ýörelgelerinden ugur alyp, beden we ruhy taýdan sagdyn nesilleri — ajaýyp gylyk-häsiýetli, ak ýürekli, belent ahlakly, giň dünýägaraýyşly ýaşlary terbiýelemäge uly üns berilýär.

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygy bilen güneşli Diýarymyzda çagalar hakyndaky alada durmuş ugurly döwlet syýasatynyň örän möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda ýaş nesliň sazlaşykly ösmegi, mynasyp derejede terbiýelenilmegi hem-de ýokary hilli bilim almagy üçin toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Körpe nesliň sagdyn, beden taýdan berk we ruhy dünýäsi baý adamlar bolup ýetişmegi, başarnyklaryny hem-de zehinlerini doly derejede açyp bilmegi, döredijilik we sungat, bedenterbiýe hem-de sport bilen yzygiderli meşgullanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Soňky ýyllaryň dowamynda çagalygyň we eneligiň durmuş taýdan goraglylygyna, ýaşlar syýasatynyň durmuşa geçirilmegine, çagalaryň hem-de ýetginjekleriň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagyna gönükdirilen kanunçylyk namalarynyň hem birnäçesi işlenilip taýýarlanyldy we kabul edildi. Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy tarapyndan enäniň we çagalaryň saglygyny goramak, jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgelerini mundan beýläk-de pugtalandyrmak boýunça amala aşyrylýan nusgalyk işler dünýä jemgyýetçiliginde hem giň goldawa eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda Garaşsyz döwletimiz bu ugurda binýatlaýyn halkara 

hukuk resminamalarynyň birnäçesiniň, şol sanda Çagalaryň ýaşaýşyny, goraglylygyny we ösüşini üpjün etmek boýunça Bütindünýä Jarnamasynyň, Birleşen Milletler Guramasynyň Çaganyň hukuklary hakyndaky Konwensiýasynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine işjeň gatnaşýar. 

     Mundan başga-da, sagdyn durmuş kadalarynyň wagyz edilmegine gönükdirilen bilelikdäki taslamalar amala aşyrylýar, okuw maslahatlary, duşuşyklar geçirilýär. Bularyň ählisi Garaşsyz döwletimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Müňýyllygyň Durnukly ösüş boýunça maksatlaryna ýetmäge we ählumumy abadançylygyň gazanylmagyna gönükdirilen wezipeleri çözmäge örän jogapkärli çemeleşýändigini görkezýär.

 

Zuleýha JORAÝEWA,

Çärjew etrap hassahanasynyň baş 

şepagat uýasy, Türkmenistanyň 

Mejlisiniň deputaty.