The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

27.03.2025

GYMMATY EGSILMEZ HAZYNA

 

     Hormatly Prezidentimiziň geçen “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň ahyrynda çapdan çykyp, okyjylaryna gowşan Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyza baýramçylyk sowgady bolan “Magtymguly - dünýäniň akyldary» atly täze kitaby okyjylar köpçüliginde uly gyzyklanma döretdi. Bilşimiz ýaly, 2024-nji ýylda nusgawy şahyrymyzyň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň           300 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk dabaralary diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem, halkara derejesinde-de giň gerime eýe boldy. 

     Döwlet Baştutanymyz  “Magtymguly - dünýäniň akyldary” atly ajaýyp kitabynda beýik şahyrymyz hakynda söz açyp, dana şahyrymyzyň öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri ýokary ahlaklylykda terbiýeläp bilýändigimizi nygtaýar. Şeýle hem Watanymyzyň ýaşlaryna pederlerimizden miras galan milli gymmatlyklarymyzyň, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemekde dana şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine eýermelidigimize okyjylaryň ünsüni çekýär. Hakykatdanam, döwlet Baştutanymyzyň kitabynda nygtaýşy ýaly, beýik akyldar şahyrymyzyň şygyrlary Diýarymyzyň her bir raýatynyň Garaşsyz Watanymyza, mähriban halkymyza   çäksiz söýgüsini, hormat-sarpasyny artdyrýar. Şonuň üçinem Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny öwrenmekde, eserleriniň filosofiki many-mazmunyna göz ýetirmek okyjylar, aýratynam, ýaşlar üçin gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär. Türkmen halkyna ajaýyp kitaplary peşgeş berýän hormatly Prezidentimiziň galamynyň ýiti, çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan, ýaşlara watansöýüjiligi ündeýän şeýle ajaýyp kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris.

 

Çary GURBANMYRADOW.

Mary etrap hassahanasynyň 2-nji 

çagalar bölüminiň müdiri,

 Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.