The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Milli bahar baýramynyň toýlanylýan günlerinde ýene bir hoş habar jahan içre ýaýrap, bagtyýar halkymyzy begendirdi. Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79-njy sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bitaraplyk ýörelgelerine eýerýän Türkmenistan döwletimiziň daşary syýasatynyň belent ykrarnamasy boldy. Ata Watanymyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi türkmen döwletiniň, merdana hem agzybir türkmen halkynyň belende galýan abraý-mertebesiniň kepilidir.
Kalbymyzyň buýsanjyna öwrülen mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyz bilen birlikde baky Bitaraplygymyz merdana hem agzybir halkymyz üçin asylly maksatlaryň myrat tapmagydyr, özygtyýarly döwletimizi täze belentliklere götermekde, il-ulsumyzy ynsanperwer maksatlara ruhlandyrmakda bagta uzaýan ýollarymyza nur çaýýan şamçyragdyr. Eziz Diýarymyzda mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şöhratly ýyllarynyň dowamynda Türkmenistanyň konstitusion gurluşyny döwrebaplaşdyrmak, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, ýurdumyzyň döwlet dolandyryş ulgamyny nusgalyk derejede kämilleşdirmek, raýat jemgyýetiniň institutlaryny döretmek we ösdürmek babatynda uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Berkarar ýurdumyzda üstünlikli dowam edýän beýik özgertmeleriň her biri, ilkinji nobatda, halkymyzyň bähbitlerine we demokratik ýörelgelere esaslanyp amala aşyrylýar. Mähriban Watanymyzy ösdürmegiň maksatlary we onuň kanuny taraplary Baş Kanunymyzyň esasy ýörelgelerinde öz beýanyny tapýar. Konstitusiýamyzda ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan borçlary we hukuklary pugtalandyryldy. Mukaddes Döwlet baýdagymyzda parahatçylygyň nyşany hökmünde bütindünýä ykrarnamasyna öwrülen zeýtun şahalary öz mynasyp ornuny tapdy. Ata Watanymyzda amala aşyrylýan beýik özgertmeler döwlet bilen halkyň arasyndaky gatnaşyklary has-da pugtalandyrmaga we ösdürmäge gönükdirilen derwaýys başlangyçlaryň hatarynda durýar. Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplygynyň ähmiýetini dabaralandyrýan ählihalk baýramynyň Birleşen Milletler Guramasynyň çözgüdi esasynda Halkara Bitaraplyk güni hökmünde ykrar edilmegi eziz Diýarymyzda döwletiň we halkyň jebisliginiň, ata Watanymyzda dowamat tapýan agzybirligiň, parahatçylygyň we ynanyşmagyň bütin dünýä nusgalyk hakykatdygynyň hem synmaz güwäsidir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň BMG-ä agza döwletler tarapyndan biragyzdan ykrar edilmeginiň giňden toýlanjak 30 ýyllygy bolsa Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ýatdan çykmajak taryhy wakalarynyň biri bolar.
Garaşsyz, baky Bitarap ata Watanymyz Türkmenistanyň halkara abraýyny belende göterip, beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çäksiz alkyş aýdýarys.
Guwanç Çendirow,
TDP-niň welaýat komitetiniň başlygy,
Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty.