The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

28.03.2025

MÖHÜM MESELÄ BAGYŞLANAN MASLAHAT

 

     Ýurdumyzyň ynsanperwer syýasatyny dünýä ýaýmak, döwletimiziň halkara abraýyny artdyrmak ugrunda uly işler durmuşa geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 17-nji martda Türkmenistanyň Mejlisinde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. 

     Maslahatyň dowamynda ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen hemişelik Bitaraplygyndan ugur alyp, dünýä döwletleri, abraýly halkara guramalary bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmek babatda döwletimiziň öňe sürýän halkara başlangyçlarynyň, bu ugurda kabul edilen Kararnamalaryň ähmiýeti nygtaldy. 

     Çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň tagallalary netijesinde döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty, bu babatda BMG-niň düzüm birlikleri bolan ÝUNESKO, ÝUNISEF we beýleki guramalar bilen durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň netijeliligini ýokarlandyrmak barada durup geçdiler. Ynsanperwer meseleleriň çözülmeginde Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň alyp barýan nusgalyk işleriniň halkara derejesinde ykrar edilýändigi bellenildi. 

     Maslahatyň dowamynda Türkmenistan BMG-niň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG — Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy gün tertibini durmuşa geçirmekde zenanlar dialogynyň orny, zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň kadalaryndan ugur alnyp kabul edilen «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny we «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Hereketleriň Milli meýilnamasy» boýunça durmuşa geçirilýän işleriň ähmiýetini bellediler.

 

Enejan ATAÝEWA,

Türkmenistanyň Mejlisiniň daşary işler we protokol bölümi.