The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Abadan hem asuda ýaşaýyş ähli döwürlerde ynsanlaryň iň esasy maksatlarynyň biri bolupdyr. Bagtyýar ýaşaýşyň hem-de döredijilikli zähmetiň binýadynda bolsa sagdynlyk, parahatçylyk, ynanyşmak ýaly gymmatlyklar durýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi baky Bitarap Türkmenistanyň içeri we daşary syýasatynyň dünýä bileleşiginiň umumy ykrar edilen ýörelgeleri bilen sazlaşykly utgaşýandygyny äşgär edýär. Gahryman Arkadagymyzyň binýadyny goýan hem-de hormatly Prezidentimiz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän asylly ýörelgeler döwletleriň hem-de halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň we ösüşiň baş şertleriniň
biridir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemişelik Bitaraplygymyzyň ykrar edilmeginiň 30 ýyllygynyň bellenilýändigi hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň esaslandyrylmagyna 80 ýylyň dolýanlygy babatda has uly ähmiýete eýedir. Şu şanly seneler mynasybetli ýurdumyzda iri halkara çäreleriň birnäçesini geçirmek göz öňünde tutuldy. Eýýäm olaryň birnäçesi üstünlikli geçirilip, sebit we umumadamzat bähbitli maksatlary amala aşyrmakda anyk ädimler ädildi. Muňa mysal hökmünde diňe mart aýynyň dowamynda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 17 ýyllygy mynasybetli giň gerimli serginiň ýaýbaňlandyrylmagyny, «Türkmenistanyň geljegine maýa goýumlar» atly halkara forumyň, şeýle hem «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly: durnukly ösüşi üpjün etmekde sebitara ykdysady hyzmatdaşlygyň orny» atly halkara maslahatyň geçirilmegini görkezmek
bolar. Bu çärelere goňşy döwletlerden we yklymyň beýleki ýurtlaryndan, halkara guramalardan hem-de maliýe düzümlerinden köp sanly wekiliýetler gatnaşdy. Ýakynda bolsa paýtagtymyz Aşgabatda halkara sport ýaryşlarynyň ýaýbaňlandyrylmagyna taýýarlyk görülmegi parahatçylygyň ilçisine hem-de sagdynlygyň gözbaşyna deňelýän naýbaşy gymmatlygyň mümkinçilikleriniň asylly maksatlara ýetmekde netijeli peýdalanylýandygyna güwä geçýär.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly – dünýäniň akyldary» atly kitabynda nusgawy şahyrymyzyň eserlerinde ynsanperwerlik ýörelgeleriniň, il halkyň parahat durmuşda ýaşamagynyň, agzybirligiň gadyr-gymmaty baradaky garaýyşlarynyň ähmiýeti aýdyň şöhlelendirilýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly eserinde bolsa parahatçylygy, ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen ylmy garaýyşlar, taryhy wakalar, rowaýatlar aýratyn orun eýeleýär. Gahryman Arkadagymyz: «Il-ulus agzybir bolanda döwlet kuwwatly, ýurt asudadyr. Agzybirlik il-halkymyzyň owal-ahyr ygrarly, tutuş durmuşynyň manysyna öwren ýörelgesidir» diýip bellemek bilen, halkyň we döwletiň bähbitleriniň bitewüliginiň, sazlaşygynyň agzybirlikden gözbaş alýandygyny görkezýär.
Diňe bir ýurt derejesinde däl, eýsem, halkara giňişlikde agzybirligi, bähbitleriň we ykballaryň bitewüligini, sazlaşykly hem ylalaşykly ýaşamak ýörelgelerini öňe sürýän Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň belent maksatlary Gahryman Arkadagymyzyň «Ösüş arkaly parahatçylyk», «Dialog – parahatçylygyň kepili» diýen belent şygarlara esaslanýan syýasy-filosofik garaýyşlaryndan, «Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» atly ajaýyp goşgusynda beýan edilýän pähim-paýhasly pikirlerden gözbaş alýar. Parahatçylyk we ynanyşmak başlangyçlary hem-de ýörelgeleri bolsa hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, şu günüň rahatlygyny, geljegiň aýdyňlygyny gazanmaga gönükdirilendir.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda amala aşyryljak beýik işler, durmuşa geçiriljek oňyn özgertmeler täze ösüşlere ýol açmak bilen birlikde, ýurdumyzyň halkara giňişlikde öňe sürýän umumadamzat bähbitli başlangyçlarynyň giňden wagyz edilmeginde, dost-doganlyk, hyzmatdaşlyk, parahatçylyk söýüjilik ýörelgeleriniň ilerledilmeginde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Begençgeldi BAÝRAMMYRADOW
Türkmenistanyň Mejlisiniň Ykdysady meseleler baradaky komitetiniň agzasy