The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Şu ýyl ýurdumyzda we halkara derejesinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygy, BMGniň döredilmeginiň 80 ýyllygy, şeýle hem 2025nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli çäreler geçirilýär.
Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan başlangyçlary diňe bir türkmen halkynyň parahatçylygyna, asudalygyna, berkararlygyna gönükdirilmän, eýsem, sebit we dünýä derejesindede uly ähmiýete eýedir.
Türkmenistan BMGniň Parahatçylygy gurmak boýunça komissiýasynyň, «BMG-Zenanlar» düzüminiň we beýleki halkara, sebit guramalarynyň gatnaşmagynda «Zenanlar, parahatçylyk we howpsuzlyk» atly ählumumy güntertibini durmuşa geçirmek boýunça zenanlar dialogynyň yzygiderli esasdaky geňeşmelerine aýratyn ähmiýet berýär. Türkmenistanyň başlangyjy esasynda döredilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy hem bu ugurdaky işleriň netijeliligini hasda artdyrýar.
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamynda Türkmenistan halkara tagallalary birleşdirmek hemde munuň üçin degişli syýasy diplomatik şertleri, mümkinçilikleri döretmek babatda yzygiderli işleri durmuşa geçirýär. Konsepsiýadan ugur alýan anyk çäreleriň hatarynda parahatçylygyň we howpsuzlygyň bähbidine zenanlaryň we ýaşlaryň ornuny berkitmek boýunça halkara çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Şol işleri durmuşa geçirmek maksady bilen, ýakynda Türkmenistanyň Mejlisinde Birleşen Milletler Guramasynyň düzüm birlikleri bilen bilelikde «Ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy berkitmekde zenanlaryň orny» atly maslahat geçirildi. Maslahata gatnaşyjylar Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen döwletimizde köptaraplaýyn düzümleriň çäklerinde eneligi we çagalygy goldamak maksady bilen döredilýän mümkinçilikler, döwletimiziň alyp barýan ynsanperwer syýasaty barada öz çykyşlarynda buýsanç bilen bellediler.
Häzirki wagtda döwletimizde Türkmenistanyň Konstitusiýasyndan gözbaş alýan birnäçe Türkmenistanyň Kanunlary hereket edýär. Türkmenistanyň Ilaty durmuş taýdan goramak hakynda kodeksi eneler, ýaş nesiller we köp çagaly maşgalalar üçin maddy we durmuş ýeňillikleriniň netijeli ulgamynyň bardygyny beýan edýär. Türkmenistanyň Zähmet kodeksi bolsa aýallaryň zähmet hukuklaryny diňe bir üpjün etmän, olara durmuşykdysady nukdaýnazardan ýeňillikleri we hukuklaryň artykmaçlyklaryny hem belleýär. Ýurdumyzda gender deňligini üpjün etmekde dünýä tejribesi esasynda netijeli döwlet syýasaty alnyp barylýar. «Aýallaryň we erkekleriň deň hukuklarynyň we deň mümkinçilikleriniň üpjün edilmeginiň döwlet kepillikleri hakynda» Türkmenistanyň Kanuny zenanlaryň erkekler bilen deň hatarda syýasy, ykdysady, durmuş, medeni we beýleki ugurlardaky hukuklaryny we azatlyklaryny amala aşyrmagy üçin döwlet kepilliklerini belleýär. Gender syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi üçin «Türkmenistanda gender deňligi boýunça 20212025nji ýyllar üçin Hereketleriň milli meýilnamasy» üstünlikli ýerine ýetirilýär. Ýurdumyzyň zenanlary jemgyýetiň doly hukukly agzalary hökmünde döwletimiziň ykdysady, syýasy we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ulgamlaryna giňden wekilçilik edip, zähmet çekýärler.
Halkymyzy aýdyň geljege tarap ynamly öňe alyp barýan Milli Liderimiziň hemde hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, mertebeleri hemişe belent bolsun!
Baýramgözel MYRADOWA,
Türkmenistanyň Mejlisiniň
deputaty, Mejlisiň Ylym,
bilim, medeniýet
we ýaşlar syýasaty baradaky
komitetiniň başlygy.