The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.03.2025

Dünýä nusgalyk taglymat

 

      Bitarap Türkmenistan parahatçylyk söýüjilikli ýörelgeleri dünýä ýaýmak, halkara giňişlikde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Ýurdumyz parahatçylygy, dialog medeniýetini, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy ilerledip, parahatçylyk döredijilikli syýasaty amala aşyrýar.

 

     Döwletimiziň gülläp ösýän zamanasynda türkmen Bitaraplygynyň gerimi barha giňeýär. Ýurdumyzyň umumadamzat ähmiýetli halkara başlangyçlary belent ykrara eýe bolýar. 1995­nji ýylyň 12­nji dekabrynda BMG­niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakyndaky ilkinji Kararnamanyň kabul edilen döwründen bäri ýurdumyz sebit we ählumumy derejede öňüni alyş diplomatiýasyny durmuşa geçirmekde Bitaraplygyň ähmiýetini görkezip gelýär. 2015­nji ýylyň 3­nji iýunynda BMG­niň Baş Assambleýasynyň 69­njy mejlisinde «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamanyň 193 döwletiň goldamagynda ikinji gezek kabul edilmegi buýsançly waka öwrüldi. 2017­nji ýylda bolsa Türkmenistanyň başlangyjy esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12­nji dekabry Halkara Bitaraplyk güni hökmünde yglan etdi. Bütin dünýäde «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilen 2025­nji ýylyň 21­nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 79­njy sessiýasynyň 61­nji plenar mejlisinde ýurdumyzyň başlangyjy bilen «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnama biragyzdan kabul edildi. Toý­baýramlara beslenýän buýsançly günlerde Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplygymyzyň üçünji gezek degişli Kararnama bilen ykrar edilmegi eziz Watanymyzyň halkara abraýyny ýene bir mertebe beýgeltdi. Gahryman Arkadagymyz: «Dünýäde parahatçylyk söýüjilikli meýilleri aýan etmek biziň döwlet syýasatymyzda jemlenendir» diýip belleýär. Şu jähetden, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy dünýä ýurtlarynyň we halklarynyň parahatçylykda, agzybirlikde ýaşamaga bolan islegini durmuşa geçirmek üçin tagallalary birleşdirmäge, jedelleri we düşünişmezlikleri parahatçylykly ýollar arkaly bilelikde çözmäge, geljek nesiller üçin has röwşen geljegi gurmaga gönükdirilendir.

 

Perman SAPAROW,

Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty baradaky

Komitetiniň baş hünärmeni.