The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy iki gezek ykrar edilen ata Watanymyzyň umumadamzat bähbitli başlangyçlary halkara jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalarynyň, beýik başlangyçlarynyň esasynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «2025-nji ýyl Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Munuň özi ýurdumyzyň başlangyjy bilen dünýäde parahatçylygyň we dost-doganlygyň ösdürilýändigini aýdyň beýan edýär. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty sebitde hem-de dünýäde durnuklylygy, howpsuzlygy berkitmekde, ykdysady we ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmekde aýratyn möhüm ähmiýete eýe bolup durýar.
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy sebit we ählumumy möçberli syýasy, ykdysady we ynsanperwer meseleleri çözmäge juda oňyn täsir edýän ýagdaý hökmünde, dünýä syýasatynda has hem möhüm ýörelge bolup, bu babatdaky netijeler dünýä jemgyýetçiligine barha aýdyň bolýar. Hormatly Prezidentimiz «Ýaşlar- -Watanyň daýanjy» atly kitabynda şeýle belleýär: «Biziň alyp barýan içeri we daşary syýasatymyz, innowasiýalara esaslanýan milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklaryny ösdürmäge mümkinçilik berýän giň gerimli we strategik maksatnamalarymyz, ösüşimiziň hemmetaraplaýyn sazlaşykly milli nusgasy, iri halkara guramalaryň belent münberlerinden adamzadyň parahat, bagtyýar geljeginiň hatyrasyna öňe sürýän derwaýys başlangyçlarymyz, «Dialog- parahatçylygyň kepili» atly ýörelgä eýerip, dünýäniň halklarydyr ýurtlary bilen ýola goýýan dost-doganlyk gatnaşyklarymyz halkara bileleşikde uly gyzyklanma döredýär». Şu parasatly sözlerden görnüşi ýaly, «Dialog - parahatçylygyň kepili» atly beýik taglymat bu günki günde bütin dünýäde goldanylýar. Halkara gatnaşyklarynda bu taglymat işjeň ulanylyp, dost-doganlygy berkitmäge hyzmat edýär.
Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy birek-birege hormat goýmagyň, deňhukuklylygyň, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň esasynda döwletleriň arasyndaky gatnaşyklaryň mizemez nyşany hökmünde çykyş edýär. Türkmenistanyň Esasy Kanuny bolan Konstitusiýanyň 2-nji maddasynda döwletimiziň hemişelik hukuk ýagdaýy şeýle kesgitlenýär: «Türkmenistan dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen we kanun esasynda berkidilen hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir». Bu bolsa hemişelik Bitaraplygymyzyň Konstitusiýamyz tarapyndan berkidilendigini aýdyň görkezýär. Şu nukdaýnazardan-da, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygy halkara we sebit derejesinde uly ähmiýete eýedir. Çünki türkmeniň saýlan ak ýoly hemişelik Bitaraplyk, baky parahatçylyk halkymyzyň bagtydyr.
Perman SAPAROW,
Türkmenistanyň Mejlisiniň Durmuş syýasaty
baradaky komitetiniň baş hünärmeni.