The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

29.01.2025

ABADANÇYLYK WE DURNUKLY ÖSÜŞ ÝOLY BILEN

 

Tä­ze taryhy döwürde döwletimiziň dünýä bileleşigindäki ornuny has-da berkitmek, netijeli hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giň­den wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny şöhratlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler amala aşyrylýar. 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem şu asylly maksatlar bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Parahatçylyk we ynanyşmak düşünjelerini şygar edinen ýyl üçin taýýarlanan degişli Konsepsiýada ýurdumyzyň halkara abraý-mertebesini ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüşi pugtalandyrmak babatda milli we ählumumy derejedäki çäreler göz öňünde tutuldy. Olar BMG we beýleki iri halkara guramalar bilen bilelikde durmuşa geçiriler. Munuň özi ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasat ugrunyň, onuň halkara jemgyýetçilikdäki ornunyň nobatdaky ykrar edilmesi bolar.

Bilşimiz ýaly, Gahryman Arkadagymyz: «Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden Türkmenistan hemişelik Bitaraplygy döwlet-syýasy ül­ňüsi hökmünde seçip aldy. Bütin dünýäde ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilmek hormatyna mynasyp bolan türkmen Bitaraplygy hakykatdan hem gudratdyr» diýip nygtaýar. Konstitusiýanyň 2-nji maddasynda: «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar» diýlip bellenilýär. Munuň özi röwşen geljege mizemez ynamy hukuk taýdan kepillendirýär. «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda» Konstitusion kanun ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň jemgyýetde durnuklylygy, ylalaşygy pugtalandyrmaga, dünýä döwletleri bilen dostlukly, özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen içeri we daşary syýasatynyň hukuk esasy bolup hyzmat edýär. «Türkmenistanyň döwlet sylaglary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagy bilen baglylykda, «Bitaraplyk» ordeni, «Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistan», «Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna» atly ýubileý medallary döredildi. 

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda Türkmenistan dünýä döwletleri bilen parahatçylyk söýüjilikli, deň­hukukly, özara hormat goýmak ýörelgelerine eýerýän daşary syýasaty üstünlikli durmuşa geçirýär. Bilşimiz ýaly, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky «Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy» atly Kararnamalary döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar. Şeýle hem bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga we ony goldamaga, onuň Garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna, çäk bitewüligine hormat goýmaga BMG-niň agzalary bolan döwletleri çagyrýar. Bitaraplygymyzyň 30 ýyllygynyň bellenilýän ýylyny «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip atlandyrmak barada Türkmenistanyň başlangyjynyň biragyzdan goldanylmagy döwletimiziň halkara abraýynyň ýeten belent derejesini we dünýä ýurtlarynyň ýurdumyza bildiren uly ynamyny görkezýär. 

Türkmen Bitaraplygynyň umumadamzat üçin taryhy we syýasy ähmiýetini nazara almak bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy 12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamany kabul etdi. Döwletimiziň BMGniň Baş Assambleýasynyň mejlisleriniň birnäçesiniň wise-başlyklygyna saýlanylmagy, Türkmenistanyň başlangyjy boýunça taryhy Kararnamalaryň 30-a golaýynyň kabul edilmegi Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmek, döwletleriň arasynda özara ynanyşmagy berkitmek, dünýä ýurtlaryny we halklaryny parahatçylyga, dost-doganlyga çagyrmak babatdaky köpugurly işleriniň aýdyň netijesidir. 

2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi we hemişelik Bitaraplygyň 30 ýyllygy mynasybetli döredilen guramaçylyk döwlet toparynyň işi Türkmenistanyň ygtybarly hyzmatdaşlary bolan döwletler we halkara guramalar bilen bilelikde ýylyň dowamynda göz öňünde tutulan halkara forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň we beýleki dabaralaryň ýokary derejede geçirilmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hormatly Prezidentimiziň Permany bilen döredilen topara Türkmenistanyň Halk Maslahaty başlyklyk edýär. Onuň ilkinji mejlisinde Gahryman Arkadagymyzyň öň­de goýan wezipelerini ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalary, ýurdumyzyň syýasy partiýalary jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bilen bilelikde ilat arasynda bolup, wagyz-nesihat duşuşyklaryny geçirdiler. Döwletimiziň her bir raýatynyň watançylyk ruhuny ýokarlandyrmaga, ata Watanymyza bolan söýgini we buýsanjy artdyrmaga gönükdirilen maslahatlara ykdysadyýetiň dürli ugurlarynda zähmet çekýän ildeşlerimiz, il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler we ýaşlar gatnaşdylar. Olarda ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmek, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerine daýanýan daşary syýasatymyzyň hukuk esaslaryny berkitmek boýunça görülýän çäreler, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ählihalk bähbitli möhüm wezipeleri çözmekde örän ýokary ähmiýete eýe bolan işleri barada gürrüň edildi. Häzirki wagtda bu işler ýurdumyzyň ähli künjeginde üstünlikli dowam etdirilýär. 

Garaşsyzlygymyz we hemişelik Bitaraplygymyz türkmen halky üçin mukaddeslikdir. Şo­ňa görä-de, berkarar döwletimiziň gazananlaryny gorap saklamak, geljek nesillere gadyr-gymmaty bilen ýetirmek biziň her birimiziň jana-jan borjumyzdyr. Şunuň bilen baglylykda, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgelerini pugtalandyrmak, bu ugurda kanunçylygy berkitmek we kämilleşdirmek babatda watandaşlarymyzyň öňe sürýän tekliplerini öwrenmek örän wajypdyr. Ýerlerde geçirilýän duşuşyklar, wagyz-nesihat çäreleri şu jähetden hem ähmiýetli bolup durýar. 

Mähriban Watanymyzyň halkara abraýyny artdyrmak, halkymyzy eşretli durmuşda ýaşatmak ugrunda uly tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, ähli tutumly işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun! 

 

Bahar SEÝIDOWA, 

Türkmenistanyň Mejlisiniň Ylym, bilim, medeniýet

 we ýaşlar syýasaty baradaky komitetiniň başlygy