The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

14.01.2024

ÝYLYŇ ROWAÇ MENZILLERINE BADALGA

 

Düýn Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde 2025­-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip atlandyrylmagy mynasybetli hem­-de bu ýylyň nyşanynyň many­mazmunyny giňden wagyz etmek maksady bilen geçirilen aýdym­-sazly dabaraly maslahat hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramy uludan toýlanyljak taryhy ýylyň şanly menzillerine badalga boldy. Sungat ussatlarynyň beýik döwrümiziň waspyny ýetirýän hoş owazly aýdym-­sazlary bilen utgaşykly dowam eden dabaraly maslahatda çykyşlara giň orun berildi. Biz hem dabaraly maslahata gatnaşyjylaryň birnäçesiniň çykyşlaryny gazetimiziň okyjylaryna ýetirmegi makul bildik.

Baý­my­rat­ BA­BA­ÝEW, Türk­me­nis­ta­nyň ­Mej­li­si­niň­ Ylym-bilim,­ me­de­ni­ýet, ­ýaş­lar­ sy­ýa­sa­ty ­ba­ra­da­kyko­mi­te­tiniň ­ag­za­sy:

 — Agzybirliginden egsilmez döwlet tapýan merdana halkymyz ýene bir ajaýyp ýyla — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna uly ruhubelentlik, aýdyň maksatlar bilen gadam basdy. Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalarynyň netijesinde ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler, döwletli tutumlar, ýylyň-ýylyna ýetilýän belent sepgitler halkymyzy täze üstünliklere, röwşen geljege ruhlandyrýar. Bu şanly ýylyň halkymyz üçin örän uly taryhy wakalaryň, ajaýyp üstünlikleriň ýyly boljakdygyny häzirden ynamly aýdyp bileris. Döwletli tutumlar, turuwbaşdan badalga berilýän beýik işler şol ynamy has-da berkidýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň geçiren guramaçylyk döwlet toparynyň mejlisinde Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli guraljak çäreler boýunça öňde goýlan möhüm wezipeler hem munuň aýdyň güwäsidir. Döwlet guramaçylyk toparynyň mejlisinde Gahryman Arkadagymyz geçiriljek çäreler bilen bagly ýurdumyzyň kada-kanunçylyk işini kämilleşdirmegiň, ilatyň arasynda wagyz-nesihat işlerini giňden ýola goýmagyň möhümdigini hem aýtdy. Bu işlere Mejlisiň deputatlary işjeň gatnaşarlar. 

Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, Bitaraplyk türkmen döwletliliginiň goşa ganatynyň biridir. Ýeri gelende, ýurdumyzyň hemişelik bitaraplyk hukuk derejesiniň döwletimiziň Esasy Kanunynda — Türkmenistanyň Konstitusiýasynda hem berkidilendigini bellemek gerek. Şanly ýylymyzyň şygarynda öz beýanyny tapan parahatçylyk we ynanyşmak düşünjeleri bolsa adamzadyň abadan geljegini üpjün etmek üçin biri-biri bilen aýrylmaz baglanyşykly gymmatlyklar bolup, häzirki zaman dünýäsinde olar döw letleriň, halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlygyň, ösüşiň örän möhüm şertine, baş ýörelgesine öwrülýär.