The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body

MEJLIS OF TURKMENISTAN


MEJLIS OF TURKMENISTAN

12.03.2026

MILLI BUÝSANÇ — MILLETIŇ MERTEBE BULAGY

 

Milletleriň jemgyýetçilik-syýasy durmuşy, olaryň bähbitleri we pikir-garaýyşlary bilen baglanyşykly bolup, degişlilikde halka mahsus häsiýetleri aýdyňlaşdyrýan «millilik» düşünjesi, şol bir wagtda halkyň mertebesini, milletiň bolsa öz ykbalyny kesgitleýän düşünjedir. Millilik halkyň hakydasynyň keşbidir, ruhy garaýyşlarynyň beýanydyr, ýaşaýşynyň dowamynda gazanan üstünligidir, buýsanç bulagydyr. Bu babatda Gahryman Arkadagymyzyň halkyň hakydasyndaky hakykatlardan söz açýan «Hakyda göwheri» atly ajaýyp kitabynyň ilkinji sahypalarynda beýan eden: «Ynsany bagtyýarlyga ýetirýän esasy sebäpleriň biri milli buýsanç arkaly kemala gelýär. Milli buýsanjyň gözbaşynda bolsa halkyň müňýyllyklardan gözbaş alýan şöhratly taryhy bardyr» diýen parasatly sözlerini ýatlap geçmek ýerliklidir. 

Millilik tötänden dörän jemgyýetçilik düşünjesi däldir. Ol halkyň uzak ýyllaryň dowamynda kemala getirip, nesillere ýetiren nusgalyk mekdebidir. Türkmen halkynyň milliligi barada söz açylanda bolsa, bäş müň ýyllyk taryhyň şöhratly hem-de buýsançly ýoly, ata-babalarymyzyň, ene-mamalarymyzyň paýhasyna daýanýan mirasy örboýuna galýar, milli medeniýeti we sungaty, gaýtalanmajak taryhy-medeni, milli-ruhy gymmatlyklary, däp-dessurlary, nusgalyk derejä ýeten ýörelgeleri göz öňüňe gelýär. 

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Milli Liderimiziň hem-de hormatly Prezidentimiziň saýasynda millilige aýratyn ähmiýet berlip, dünýäniň medeniýetine, ösüşine mynasyp goşant goşan gadymy halkymyzyň abraý-mertebesi milli gymmatlyklarymyz esasynda dünýä ýaýylýar. Ajaýyp özboluşlylygy we aýratynlygy bilen tapawutlanýan milli gymmatlyklarymyz halkymyzyň milli buýsanjyny artdyryp, bagtyýarlygynyň esasyny düzýär. Milli alamatlary, halkyň ruhy pelsepesini, arzuw- -isleglerini şöhlelendirýän türkmen sungatynyň her bir görnüşiniň dünýäde arzylanyp, uly gyzyklanma, söýgi-sarpa mynasyp bolmagy belli bir derejede jemgyýetimiziň aň-paýhasy, zähmetsöýerligi, köpýyllyk tejribesi bilen baglanyşyklydyr. Halkymyzyň medeni mirasyny gorap saklamak, ony geljekki nesillere ýitgisiz ýetirmek, milli taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy dikeltmek babatdaky aladanyň döwlet syýasatymyzda ileri tutulmagy, olaryň umumadamzat bähbitli gymmatlyk hökmünde ykrar edilmegini gazanmak ugrundaky işlere aýratyn ähmiýet berilmegi türkmen halkynyň milli özboluşlylygyny dünýä ýaýmakdaky tagallalardyr. Her bir milletiň taryhyny, medeni gymmatlyklaryny, tebigatyny goramak, olary ösüp gelýän ýaş nesillere ýetirmek, her bir halkyň gymmatlyklaryny, gazananlaryny umumadamzat mirasyna öwürmek babatda iş alyp barýan halkara gurama bolan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna biziň döwletimiz boýunça birnäçe taryhy-medeni ýadygärlikleriň, «Görogly» dessançylyk sungaty, «Küştdepdi» aýdym we tans dessury, türkmen milli halyçylyk sungaty, dutar ýasamak senetçiligi, dutarda saz çalmak we bagşyçylyk sungaty, Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbi, ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleri, türkmen keşdeçilik sungaty, ahalteke atçylyk sungaty we atlary bezemek däbi, türkmen alabaý itlerini ösdürip ýetişdirmek däpleri ýaly gymmatlyklarymyzyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawynda hasaba alynmagy bolsa aýratyn buýsançlydyr. 

Halkymyzyň taryhy-medeni, milli-ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklamak, milli däp-dessurlarymyzy gaýtadan dikeltmek, kämilleşdirmek, halkymyzyň mukaddesliklerine hormat goýmak terbiýesini bermek baradaky möhüm wezipeleri durmuşa geçirmek ugrundaky işleriň milli kanunçylygymyzda şöhlelenmegi, döwlet syýasatynyň bu ugrunyň berk kanuny esasa daýanmagy bolsa, olaryň jemgyýetçilik gymmaty we zerurlygy bilen berk baglydyr. 

Halkyň mizemez mertebesine, buýsanç bulagyna öwrülen milli gymmatlyklarymyzy goramakda, geljekki nesillere ýetirmekde uly tagalla edýän, olary ylmy esasda öwrenip, dünýä jemgyýetçiligine wagyz etmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolup, tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin! 

 

Annabagt MAÝEWA, 

welaýat Baş bilim müdirliginiň mekdebe çenli terbiýe, 

bilim we mekdepden daşary edaralar bölüminiň başlygy, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty