The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Ynsan saglygy hakyndaky alada ýurdumyzyň döwlet syýasatynda üns berilýän esasy ugurlaryň biridir. Şonuň üçinem saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek we kämilleşdirmek, ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini has-da ýokarlandyrmak boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Milli saglygy goraýyş ulgamynyň uzakmöhletleýin ösüş ýollaryny, maksatlaryny we wezipelerini kesgitleýän «Saglyk» Döwlet maksatnamasyna laýyklykda üstünlikli amala aşyrylýan bu işler, adamlaryň sagdyn hem bagtyýar ýaşamagyny üpjün etmek babatynda gazanylýan üstünliklerdir ýetilýän belent sepgitler hemmeleri guwandyrýar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň durmuşymyzyň ähli ugurlary bilen bir hatarda, saglygy goraýyş ulgamyny ösdürmek, milli lukmançylyk ylmynyň binýadyny berkitmek, ylmy-kliniki merkezleri döretmek, ýerli çig mallardan ýokary hilli derman serişdelerini öndürýän kärhanalary bina etmek bilen baglanyşykly badalga beren başlangyçlary Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimizi sagdynlygyň, ruhubelentligiň, bagtyýarlygyň ýurdy hökmünde dünýä meşhur etdi. Lukman hem alym Arkadagymyzyň «Türkmenistanda saglygy goraýşy ösdürmegiň ylmy esaslary», «Türkmenistan — sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy», «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri», «Bagtyýarlyk saglykdan başlanýar», «Saglygy goraýyşda ýetilen sepgitler» atly kitaplary bolsa saglygy goramak boýunça gymmatly maglumatlary, şeýle-de saglygy goraýyş ulgamynda amala aşyrylan beýik işleriň beýanyny özünde jemleýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan taryhy özgertmeleriniň hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýändigini bellemek has-da buýsançlydyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak we yzygiderli ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär. Geçen ýyl Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni, «Saglyk» Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli, şeýle hem saglygy goraýyş babatda bitiren aýratyn hyzmatlary göz öňünde tutulyp, Arkadagly Gahryman Serdarymyza «Türkmenistanyň at gazanan arhitektory» diýen hormatly adyň dakylmagy, ýaňy-ýakynda bolsa Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň «Saglygy goraýyşda parahatçylygy, agzybirligi we diplomatiýany öňe sürmekde goşan goşandy üçin» atly ýörite sylagynyň gowşurylmagy raýatlaryň saglygynyň ygtybarly goralmagyny üpjün etmek, adamlaryň ömrüniň dowamlylygyny uzaltmak we saglygy goraýyşda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça alyp barýan işlerine berlen ýokary bahadyr.
Dünýä ülňülerine laýyk gelýän saglygy goraýyş desgalary ýurdumyzyň ähli sebitlerinde gurlup ulanmaga berilýär. Diňe bir geçen ýylyň özünde 500 orunlyk Aşgabat şäher köpugurly hassahanasynyň, Ahal welaýatynyň Tejen etrabynyň Tejen şäherinde 300 orunlyk etrabara köpugurly hassahananyň, Daşoguz şäherinde 400 orunlyk Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň düýbüniň tutulmagyny, Mary etrabynyň Täze güýç geňeşliginiň çäginde Mary welaýat inçekesel hassahanasynyň açylyp ulanmaga berilmegini muňa mysal görkezmek bolar.
Halkyň saglygy ýurduň baýlygydyr. Adam we onuň saglygy hakyndaky aladany ilkinji orunda goýup, saglygy goraýyş ulgamynyň ösmegi, kämilleşmegi ugrunda ýadawsyz alada edýän Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiziň janlary sag, ömürleri uzak, alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsun!
Wezirgeldi AŞYROW,
welaýat arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna
garşy göreşmek gullugynyň başlygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputaty