The Mejlis (Parliament) of Turkmenistan is a legislature representative body
Şu gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere seredildi.
Döwlet Baştutanymyz mejlisi açyp: “Hemişe bolşy ýaly, biz jenaýat edendikleri üçin iş kesilen we eden etmişlerine ökünip, ak ýürekden toba gelen raýatlarymyzyň günäsini geçýäris, olary jeza çekmekden boşatmak ýaly sahawatly çäreleri yzygiderli geçirip durýarys” diýip belledi.
Soňra Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde hem-de hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramynyň öňüsyrasynda agzybirlik, ruhubelentlik ýagdaýynda geçen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen halk häkimiýetliligiň milli däplerine ygrarlydygyny, eziz Watanymyza bolan buýsanjy, çäksiz söýgini, röwşen geljegimize berk ynamy berkidýän ägirt uly syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli waka boldy.
Maslahatda milli demokratiýamyz giňden dabaralandyrylyp, halkymyz hem-de Watanymyz üçin bähbitli möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy we taryhy ähmiýetli çözgütler, kararlar kabul edildi. Hormatly Prezidentimiziň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň çuňňur many-mazmuna, egsilmez pähim-paýhasa ýugrulan çykyşlary Diýarymyzy mundan beýläk-de toplumlaýyn ösdürmäge gönükdirilen strategik häsiýetli binýatlyk taglymat bolup, maslahata gatnaşyjylar hem-de ähli halkymyz tarapyndan ruhubelentlik bilen garşylanyldy.
Döwlet Baştutanymyzyň Halk Maslahatynyň mejlisinde ahalteke bedew atlarynyň genofonduny gorap saklamaga, baş sanyny artdyrmaga hem-de halkara giňişlikde olaryň şan-şöhratyny has-da dabaralandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanda ahalteke bedew atlarynyň döwlet goragy hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna gol çekmegi döwletimiziň kanunçylyk ulgamynyň üstüni ýetirip, ahalteke bedewlerini gorap saklamakda hem-de dünýäde giňden wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýe bolar.
Milli parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli raýatlary döwlet sylaglary bilenФ sylaglamak barada beren tabşyryklaryna laýyklykda, ýurdumyzyň raýatlaryna döwlet sylaglarynyň dabaraly ýagdaýda gowşurylandygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinden gelip çykýan wezipeleriň ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmäge, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilendigini aýtdy we bu ugurda alnyp barylýan işleri dowam etmegiň zerurdygyny belledi.